programma üpjünçiliginden peýdalanýan müşderilerimiz barada
Ahal welaýaty
we etrap häkimlikleri

Ahal welaýatynyň häkimligi ýakyn günlerde “Asman Oky” hojalyk jemgyýetiniň işläp taýýarlan elektron resminama dolanşygyndan peýdalanmaga başlady. 

Elektron resminama dolanşygy giriş we çykyş hatlaryny, şeýle hem edaranyň içerki resminamalaryny elektron hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgam ähli resminamalary bir ýerde jemlemek arkaly umumy hatlary dolandyrmakda, degişli resminamalary dolandyrmak üçin ulanyjy hasaplaryny açmakda we olaryň rugsatlaryny kesgitlemekde, tabşyryklary dolandyrmakda, resminamalary görnüşlerine görä saýhallamakda we degişli hasabatlary taýýarlamakda aňsatlyk döredýär.

Türkmenistanda maglumat tehnologiýasy boýunça işleri alyp barýan “Asman Oky” hojalyk jemgyýeti häzirki wagta çenli 80-den gowrak taslamany durmuşa geçirdi. Häzirki gün 105 müňe ýakyn ulanyjy kompaniýanyň ýerine ýetiren taslamalaryndan peýdalanýar.

Kompaniýanyň esasy taslamalarynyň biri hökmünde “Türkmendemirýollary” agentliginiň elektron bilet we dolandyryş ulgamyny görkezmek bolar.

“Asman Oky”-nyň işläp taýýarlan resmi internet saýty we mobile programmalary esasynda ýolagçy biletlerini onlaýn satyn almaga mümkinçilik döredildi.

Kompaniýanyň taýýarlan kassa programmasy agentligiň ähli kassalaryna ýerleşdirilip, onlaýn bilet ulgamy bilen utgaşdyryldy, şeýle hem elektron biletleri barlamak maksady bilen ýolbeletler üçin “Android” dolandyryş ulgamynda işleýän QR skanerleri taýýarlanyldy.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň elektron maglumat ulgamyndan gündelik ortaça 15 müň adam peýdalanýar. Olaryň ortaça 1,500 sanysy elektron bilet satyn alýar. Agentligiň çäginde kompaniýa tarapyndan “24x7” tehniki goldaw we gözegçilik merkezi döredildi.

“Asman Oky” HJ ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň we Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynyň resmi internet sahypalaryny we mobile programmalaryny işläp taýýarlan ýerli IT kompaniýasy hökmünde çykyş etdi.

Aşgabat şäher telefon ulgamy
Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

“AŞTU” ÝGPJ Elektron resminama dolanşygy programmamyzy ilkinji bolup ulanmaga başlan kärhanadyr.

Toparymyzyň hünärmenleri “AŞTU” ÝGPJ-nyň hünärmenleri bilen ençeme ýygnaklar geçirip, edaranyň düzüminde zerur bolan şertleri, tehniki mümkinçilikleri, kärhananyň işgärler düzümini, resminamalaryň hereket ediş tertibini, işgärleriň wezipelerini we olara berilýän rugsatlary doly öwrenenden soňra başda taýýarlanylan programmanyň düzümine ençeme täzelikleri girizdi.

Girizilen täzelikleriň ençemesi bolsa, beýleki edara-kärhanalar üçin hödürlenilýän programma hem goşant boldy. “AŞTU” ÝGPJ bilen elektron resminama dolanşygy doly ulanylmaga başlanandan soňra geçiren ýygnaklarymyzyň netijesinde programma üpjünçiligiň hatlaryň elýeterligini üpjün etmek, tabşyryklary wagtynda bermek, ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek, fiziki we ýuridiki şahyslardan gelýän arzalara çalt, ygtybarly jogap bermek ýaly peýdalarynyň bolandygyny belläp geçdiler. 

Kärhananyň ýolbaşçylary “Resminamalary çap etmek arkaly ençeme nusgasyny çykarmagyň hem ortadan aýrylmagy netijesinde kanselýariýa harajatlarynyň hem has peselmegi kärhana üçin esasy bähbitleriň biri” diýip belläp geçýärler.